DÜNÝÄ

Hytaýdan käbir ýurtlara wiza ýeňilligi

Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti 1-nji dekabrdan Ýewropa Bileleşiginiň 5 ýurdy – Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Fransiýa we Germaniýa, şeýle hem Malaýziýa üçin wiza ýeňilligini döredýär. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin habar berdi.

Onuň bellemegine görä, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli ýokarda agzalan ýurtlar üçin wizasyz girip-çykmak düzgüni girizilýär. Bu düzgün synag hökmünde durmuşa geçiriler.

Hytaý birtaraplaýyn wizasyz düzgüni girizmek bilen HHR bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda adamlaryň gatnawlaryny ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekiliniň bellemegine görä, ýokarda agzalan döwletleriň raýatlary Hytaýa iş we syýahatçylyk gezelençlerini wiza resmileşdirmezden 15 günüň dowamynda amala aşyryp bilerler.

Häzirki wagtda Hytaý diňe Singapur we Bruneý Soltanlygyndan wiza talap etmäýer.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy