Talyplar üçin halkara alyş-çalyş maksatnamasy (Global UGRAD) ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet meseleleri boýunça býurosynyň maksatnamasydyr. Maksatnama ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara bir ýa iki okuw semestriniň dowamynda ABŞ-nyň akkreditirlenen uniwersitetlerinde okamaga mümkinçilik berýär.
Maksatnama boýunça okuwyny gutarandan soň talyplar öz ýurdynda okaýan ýokary okuw mekdeplerinde ýene-de bir okuw semestriniň dowamynda okamalydyrlar. Gatnaşyjylar açyk bäsleşik boýunça we başarnygy esasynda saýlanarlar. Anketalar ähli ugurlar boýunça kabul edilýär.
Lukmançylygy öwrenýän talyplar (şol sanda şepagat uýaçylygy, stomatologiýa, farmakologiýa, weterinar we kliniki barlaglaryň beýleki ugurlary) alyş-çalyş maksatnamalaryň düzgünleri boýunça näsaglar we şol sanda jandarlar bilen gönümel işlemeklige rugsat berilmeýandigini nazara tutmalydyrlar. Şol sebäpli hem okuw işleriniň we çäreleriniň görnüşleri çäkli bolup biler.
Şu maksatnama 2024-nji ýylyň güýzünde başlaýar we 2025-nji ýylyň baharynda gutarýar.
Anketalary kabul etmegiň iň soňky güni: 2023-nji ýylyň 15-nji dekabry.
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ýüz tutup bilersiňiz: elektron poçta arkaly hat iberip bilersiňiz: AshgabatEducation@
