DÜNÝÄ

Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy ýubileý sammitinde kabul edilen resminamalar

Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň kabul etmeginde geçirilen sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdy.

Guramanyň 10-njy ýubileý sammitinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Gol çekilen resminamalar şeýle:

1. Astana akty;
2. Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitiniň Jarnamasy;
3. Döwlet Baştutanlarynyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe “Türki dünýäsiniň ýokary ordeni” bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi;
4. Döwlet Baştutanlarynyň türki döwletleriň maliýe merkezleri derejesini bermek hakyndaky çözgüdi;
5. Türki hyzmatdaşlyk guramasynyp täze baýdagyny kabul etmek hakyndaky çözgüt;
6. Döwlet Baştutanlarynyň wezipä bellemek baradaky çözgüdi;
7. Türki Döwletleriň Guramasynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna synçy derejesini bermek hakyndaky çözgüt;
8. 6-njy fewraly Türki Döwletleriniň Guramasynyň betbagtçylykda we raýdaşlykda aradan çykanlary ýatlama güni hökmünde tassyklamak hakynda çözgüt;
9. Türki Döwletleriň Guramasynyň sekretariatynyň býujetini dolandyrmak düzgünleri boýunça çözgüt;
10. “Türki Döwletleriň Guramasynyň hemişelik wekilleriniň ýagdaýyny” işläp düzmek hakyndaky çözgüt;
11. Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň degişli edaralarynyň arasynda metrologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnama;
12. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwletleriniň arasynda 2023-2027-nji ýyllarda ulag aragatnaşygy maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasy (Ýol kartasy).

Ýene-de okaň

Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Owganystan 39 ilçihanasynyň işini ýola goýdy

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri Rumyniýada tanyşdyryldy