DÜNÝÄ

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň Aşgabada ilkinji sapary

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin gatnaşar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu forum Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary tarapyndan bilelikde gurnalyp, oňa Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen bir hatarda bu ýurtlaryň dürli pudaklaryndak 200-e ýakyn hünärmen gatnaşar.

Forumda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag we logistika, jemgyýetçilik saglygy we farmasewtika, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy (IKT), bilim, ylym we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin forumyň çäklerinde özüniň merkezi aziýaly kärdeşleri bilen duşuşar we duşuşyklarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, sebit hyzmatdaşlygy, Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde “EKSPO-2030” bütindünýä sergisini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşar.

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, dürli pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, hususan-da, energetika, ulag infrastrukturasy, saglygy goraýyş we dürli önümçilik desgalary boýunça pikir alşylar.

Daşary işler ministri Park Jiniň Türkmenistana amala aşyrýan sapary Koreýa Respublikasy-Türkmenistan we Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa gatnaşyklaryny güýçlendirmek we özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bir mümkinçilik bolar diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri