SIZDEN GELENLER

Sebit hyzmatdaşlygynyň belent nusgasy

Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli sebit we halkara gün tertibindäki esasy meseleleriň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan anyk başlangyçlary köpugurly halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär.

14-15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy sebitiň ýurtlarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmak, Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmek, iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, Merkezi Aziýa Söwda edarasyny döretmek meselesine garamak teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniňdir maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene bir ulgamyň innowasiýalar hem-de täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ýurtlarymyzyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edildi. Energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny bellemek bilen, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup biler.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine aç-açan innowasiýa häsiýetini bermegi we sanly özgertmeleri geçirmegi häzirki döwrüň iň möhüm meselesi hasaplaýandygyny beýan edip, täze tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň geňeşini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýle geňeş täze tehnologiýalar boýunça sebit döwletleriniň bitewi strategiýasyny döretmek üçin akyl merkezi hökmünde hyzmat edip, bu ugurda degişli çözgütleri we anyk teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalarda öz beýanyny tapdy.

Bu sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu sylag, şol bir wagtyň özünde, tutuş halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, dostana gatnaşyklaryna hem-de goňşara asudalyga goýýan gadyr-gymmatyny hem şöhlelendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň bu ýokary sylaga mynasyp bolmagy Duşenbe sammitiniň özboluşly wakasyna öwrüldi diýsek dogry bolar. Sebäbi Milli Liderimiz ýurdumyza Baştutanlyk eden ýyllarynda sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň berkemegine, Merkezi Aziýada parahatçylygyň berkarar edilmegine aýratyn uly goşant goşdy.

Gurbanguly Muhammetgulyýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri