Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly çärelere giň gerim berildi. Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlady.
Däp bolşy ýaly, ir säher bilen Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepde mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak çäreleri geçirildi.
Arkadag şäherinde we welaýatlarda täze bilim edaralarynyň açylmagy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guraldy. 1-nji synpa gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirilýär.
Şu gün ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabatda we Arkadag şäherinde ýokary, orta hünär we umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary gapylaryny giňden açýar. Ýeri gelende bellesek, täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda çagalar baglarynyň 13-si, orta mekdepleriň 19-sy we okuw-terbiýeçilik toplumy, Arkadag şäherinde döwrebap bilim edaralarynyň toplumlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
