DÜNÝÄ

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden Türkmenistana hoşallyk haty

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginden Türkmenistana hoşallyk haty gelip gowuşdy. Russiýanyň daşary syýasat edarasy tebigy betbagtçylyk zerarly ejir çeken Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana çuňňur hoşallyk bildirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hoşallyk hatynda dostluk we birek-birege goldamak ruhundaky bu kömege çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany hökmünde garalýandygy nygtalýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin dokma önümlerinden, azyk harytlaryndan ybarat bolan 40 tonna ynsanperwer kömegi iberildi.

Related posts

Bu tortuň uzynlygy 6,5 kilometr

vepa

Türkmenistan bilen Özbegistan konsullyk geňeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri