JEMGYÝET

Wiktor Orbandan Türkmenistanyň Prezidentine çakylyk haty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbandan ýeňil atletikada möhüm waka— Merkezi Ýewropada ilkinji gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmaga çakylyk haty gelip gowuşdy.

“Her ýylyň 20-nji awgusty wengerleriň durmuşynda ähmiýetli sene hasaplanylýar. Milli senenamamyzyň bu möhüm gününde esaslandyryjy patyşamyz Keramatly Stefanyň gününi belleýäris. Ýöne şu ýyl bu baýram has-da özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Wengriýa tutuş dünýäniň üns merkezinde bolar. Çünki Budapeştde 19-27-nji awgust aralygynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler” diýlip, hatda bellenilýär.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban çakylygynda Türkmenistanyň Prezidentini we onuň maşgalasyny täze Milli ýeňil atletika merkezinde mübäreklemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Bu ýerde erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyry geçiriler. Soňra Karmelitleriň ybadathanasynda dabaraly kabul edişlik bolar, şeýle hem Ýewropada iň şüweleňli feýerwerk guralar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri