TEHNOLOGIÝA

Iň uzyn as­ma köp­ri

Ger­ma­ni­ýa­nyň Wil­lin­gen kom­mu­na­syn­da ýur­duň iň uzyn as­ma köp­rü­si açyl­dy. Bu des­ga şol bir wag­tyň özün­de ti­bet usu­lyn­da gur­lan dün­ýä­niň iň uzyn as­ma köp­rü­si hem ha­sap­lan­ýar. «Sky­walk Wil­lin­gen» at­ly köp­ri­niň ag­ra­my­nyň 120 ton­na­dy­gy mä­lim edil­di. Po­lat­dan gur­lan köp­rü­den geç­mek tö­leg­li bo­lup, ulu­lar 12 dol­lar, ça­ga­lar 9 dol­lar tö­le­ýär­ler. Köp­ri­niň me­ýil­na­ma­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň we gu­rul­ma­gy­nyň al­ty ýy­la çe­ken­di­gi mä­lim edil­di. Gyş­ky sport oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­rin­de iki de­pä­niň ara­syn­da gur­lan köp­ri­niň uzyn­ly­gy 665 met­re ba­ra­bar. Köp­ri­niň ýer­den iň be­ýik ýe­ri 100 met­re go­laý. Ini ba­ry-ýo­gy 1,45 metr bo­lan köp­ri­niň üs­tü­ne bir wagt­da 750 adam mü­nüp bil­ýär. Köp­ri ti­bet usu­lyn­da gur­lan­da iki gap­da­lyn­da uzyn sü­tün­le­ri ýa-da söý­get­le­ri bol­maz­dan, jül­gä­niň üs­tün­de öz ag­ra­my­na dur­ýar. Şeý­le hem ol ta­nap bi­len çek­di­ri­lip go­ýul­ma­ýar. Bu köp­rü­den geç­­ýän­ler dag ete­gi­niň gö­zel­lik­le­ri­ni, gür to­kaý­ly­gy gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar­lar. Köp­ri gur­lan­da ula­ny­lan gid­raw­lik si­lindr­ler has güýç­li ýel bo­lan­da, onuň hal­lan at­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar.
Çeh Res­pub­li­ka­syn­da­ky «Sky Brid­ge 721» (uzyn­ly­gy 721 metr bo­lan­soň, şeý­le at­lan­dy­ryl­ýar) hem-de Ka­na­da­nyň Bri­tan Ko­lum­bi­ýa­sy şta­tyn­da ýer­leş­ýän 130 metr­lik «Gol­den Skyb­rid­ge» köp­rü­le­ri dün­ýä­niň meş­hur as­ma köp­rü­le­ri ha­sap­lan­ýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy