TEHNOLOGIÝA

“Tesla” kompaniýasynyň 2021-nji ýyldaky girdejisi

ABŞ-nyň elektrik awtoulag öndürijisi “Tesla” kompaniýasynyň girdejisi 2021-nji ýylda 5,5 milliard dollara barabar boldy.

Kompaniýanyň 2021-nji ýyldaky girdejisi öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 665 göterim ýokarlandy we 5,5 milliard dollarlyk rekord derejä ýetdi.

Geçen ýylyň dördünji çärýeginde “Tesla”-nyň girdejisi hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 65 göterim ýokarlanyp, 17,7 milliard dollara ýetdi.

ABŞ-nyň awtoulag öndürijisi 2021-nji ýylda dünýäde 936 müňden gowrak awtoulagy müşderilerine gowşurdy.

Kompaniýa öz beýanatynda “Kovid-19” ýokanjy sebäpli awtoulaglaryň müşderilere eltip berilmeginde emele gelýän kynçylyklaryň dowam edýändigi, şonuň üçin üstümizdäki ýylyň dowamynda önümçiligiň çäklendirilmeginiň mümkindigi mälim edildi.

“Hindistan-Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar