TEHNOLOGIÝA

“Galaxy Note” telefonunyň önümçiligini bes etmekçi

Günorta Koreýanyň meşhur “Samsung” kompaniýasy her ýyl özüniň täze tehnologiýalary bilen adamlary begendirip durýar. Her täze ýylyň başynda kompaniýa täze “Galaxy S” görnüşini hödürleýär, soňra tomusda bolsa “Galaxy Note” görnüşini giňden açyp tanyşdyrýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, indi “Samsung” kompaniýasy “Galaxy Note” görnüşli akylly telefonlaryny öndürmegini tamamlap biler. Munuň sebäbi Günorta Koreýanyň öndürijisi “S Pen” stilus goldawy bilen “Galaxy S21 Ultra” akylly telefondan soň beýleki görnüşlerde galamjyk goldawyny getirjekdigini tassyklady. Maglumatlar göra, kompaniýa “Samsung Galaxy Note 20” akylly telefonynyň täzelen “Galaxy Note 20 Fan Edition” görnüşini hödürläp, “Galaxy Note” görnüşiniň işini tamamlar. Soňra bolsa has hem ünsüni “Galaxy S” görnüşine bermek isleýändigini bellediler. Emma kompaniýa bu barada resmi maglumat bermedi.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi