TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy Z Fold 3” garaşylandan has arzan bolar

Günorta koreýaly telefon şereketi “Samsung Galaxy Z Fold 3” smartfonynyň-da içinde boldugy täze nesil eplenip bilinýän telefonlaryň üstünde işleýär. Çykan habarlara görä, täze telefon öňkülere garanyňda has arzan baha bilen satuwa çykar.

Ýakyn wagtda “Samsung” şereketiniň “Galaxy Z Fold 3” smartfonynyň 256 GB we 512 GB daşky ýatly 2 sany modeli çykarmagyna garaşylýar.

Öňki çykan habarlara ynanyljak bolunsa, “Samsung Galaxy Z Fold 3” smartfony şu ýylyň awgust aýynda satuwa çykar. Emma bu hakda şereket tarapdan hiç hili maglumat berilmedi.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň diýalogy Türkmenistanda geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi