TEHNOLOGIÝA

Ine, “Xiaominiň” täze telefony: Mi Mix 4

Hytaýly telefon öndüriji şereket “Xiaomi” geçen aýlarda ilkinji eplenip bilinýän telefonyny tanyşdyrypdy. “Mi Mix Fold” diýlip atlandyrylan bu modelden soň ulanyjylar “Xiaomi Mi Mix 4” smartfonyna garaşýardylar. Ýaňy-ýakynda, bu telefon barada birnäçe habarlar ýaýrady. Soňky çykan habarlara görä, “Mi Mix” seriýasynyň täze telefony şu ýylyň 3-nji çärýeginde satuwa çykar. Bu telefonyň tanyşdyrylyşy iýul aýynda bolar.

Gelen habarlara görä, “Xiaomi Mi Mix 4 UPC”-ekran aşagy kamera sistemasyny ilkinji ulanan telefon bolar. Bu smartfon öň tarapdaky kamerany aňsatlyk bilen ekranyň aşagynda gizläp bilme häsiýetine eýe.

Daşky we içki görnüşi bilen beýleki smartfonlardan tapawutlanmagyna garaşdygymyz smartfon Snapdragon 888 Plus yonga prosessory we 12 GB içki ýat bilen üpjün ediler. Telefonda iki hüjreli 2430 mAh+2430 mAh batareýa bar. Telefonyň arka tarapynda ýa 50 megapiksellik, ýa 108 megapiksellik kamera ýerleşer. Şeýle hem bu telefon 120W tiz zarýady goldamagy ähtimal.

Bu telefonyň bahasy barada bizde hiç hili maglumat ýok ýöne, täze smartfonyň Xiaomi şereketiniň iň gymmatbahaly smartfony bolmagyna garaşylýar.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

“Lenovo K13” satuwa çykdy

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi