TEHNOLOGIÝA

“Apple” we “Samsung” birlikde telefon öndürer

“Samsung” we “Apple” tehnologiýa dünýäsiniň iň uly bäsdeşlerinden diňe ikisi. Emma bu gün olary bilelikde işlemäge ugrukdyran täze telefon bar. “iGalaxy S22 Pro Max” diýlip atlandyrylan bu telefon ulanyjylaryň ünsüni özüne çekdi.

Telefonyň daşky görnüşinde “iPhone 12 Pro Max” we “Galaxy S22 Ultra” smartfonlarynyň arasynda bir garyşym boldy. Bu iki smartfon birikdirildi. Şu sebäpden hem täze telefonyň ady “iGalaxy S22 Pro Max” boldy. Täze smartfonyň kamerasy Samsungdan ylhamlanylyp, smartfonyň arka ýüzüniň çep tarapynyň ýokarsynda ýerleşdi we Apple şereketiniň kamera modulynyň güýjüni aldy.

“iGalaxy S22 Pro Max” smartfonynyň ekrany Samsunga ýykgyn edýär. Bu ekran AMOLED ekranyna eýe bolup, “Face ID” we “Touch ID” howpsuzlyk tehnologiýalaryny hödürleýär. Mundan başga-da telefonda 108 megapiksellik esasy kamera we 100X Space Zoom bar.

Telefonyň arkasynda ortarada “Apple” şereketiniň, aşaky kysymda bolsa “Samsung” şereketiniň logolary bar.

Täze telefon 16 GB içki ýada we 1 TB (terabaýt) daşky ýada eýe. Bu telefonda 5000 mAh batareýa we Apple A15 Bionic prosessory bar.

Siz bu telefony alyp, prosessory özüňiz saýlap bilýärsiňiz. Sebäbi bu smartfonda iOS we One UI ikisi bilelikde ýerleşdirilen. Bu telefonyň birnäçe reňkde satuwa çykmagyna garaşylýar.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Birža täzelikleri: nah ýüplüge uly gyzyklanma

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi