TEHNOLOGIÝA

Elektron örtük

“IFA 2020” tehnologiýa sergisi bu ýyl Berlinde geçiriler. Sergi 3-nji sentýabrda başlar we iki gün dowam eder. Köp kompaniýalar bu çärä gatnaşýandyklaryny eýýäm tassykladylar. Bu iri sergq gatnaşjak we sergide görkezjek täze önümleri barada käbir maglumatlary ýaýratdy.

“LG” kompaniýasy “IFA 2020” sergisinde elektron örtügini görkezmäge taýýardygyny belledi. Kompaniýa howa arassalaýjy örtügine “LG PuriCare” diýip atlandyrdy. Esasan örtükde iki arassalaýjy süzgüç, iki ýelpewaç we dem datçigi bolan göçme howa arassalaýjy ýerleşdirildi. Dem alyş datçigi dem alýan howanyň mukdaryny ölçeýär we ýelpewaçlar howa akymyny çaltlaşdyrýar ýa-da haýalladýar.

Öndüriji örtügiň bir zarýadda 8 sagada çenli dowam edip biljekdigini habar berýär. Şeýle hem örtük, ​​daşarky mikroblary öldürýän ultramelewşe çyrasy bilen enjamlaşdyrylan ýörite guty bilen üpjün ediler.

Related posts

Sowgatlar Size garaşýar: “Atavatan Krossword”

Ata Watan Eserleri

Günorta Koreýa 2028-nji ýylda 6G-e geçmegi meýilleşdirýär

Hytaýyň emeli gününden täze rekord: 70 million derejede 17 minutlap işledi

Ata Watan Eserleri