SPORT

Ildeşimiz 68 ýaşady

Ildeşimiz, şeýle hem Russiýanyň “Rubin” hem-de “Rostow” toparlarynyň öňki tälimçisi Gurban Bekiýewiç Berdiýew golaýda 68 ýaşady. Tälimçi 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde doguldy.

Futbolçy karýerasy hakda

Ildeşimiz futbolçy hökmünde “Kolhozçy”, Rostowdaky “SKA”, Gazagystandaky “Kaýrat” we Rostowdaky “Rostselmaş” toparlarynda oýnady.

Tälimçilik karýerasy hakda

Berdiýew tälimçilik işine Gazagystanda başlady, soň bolsa Türkiýäniň “Gençlerbirligi” toparynyň tälimçi wezipesine bellenildi. Russiýada ilkinji topary Smolensk şäheriniň “Kristall” topary boldy, şondan soň Kazan şäheriniň “Rubin” toparynyň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.

Berdiýew 12 ýyldan gowrak wagt bäri Kazan toparynda işläp, bu topar bilen Russiýanyň esasy futbol kuboklaryny gazandy. “Rubiniň” ýolbaşçylygynda iki gezek Russiýa çempionatynda ýeňiji boldy, ýurduň kubogynyň finalynda iki gezek ýeňiji we Russiýanyň Super kubogyny gazandy. Şeýle hem Berdiýew, 2009-njy ýylda “Rubin” topary bilen Çempionlar ligasynda ýyldyz topar hasaplanylýan “Barselona” topary bilen duşuşdy. “Nou Kamp” stadionynda geçirilen bu duşuşykda “Rubin” topary Rýazansewiň we Gökdeniz Karadeniziň tapawutlanmagy bilen 2:1 hasaby bilen üstün çykmagy başardy. Şol wagtda “Barselona” toparyna häzirki wagtda tanymal tälimçi Hosep Gwardiola tälim berýädi.

2013-nji ýylda garaşylmadyk netijeler üçin toparyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Şondan soň Berdiýew “Rostow” toparyna ýolbaşçylyk etdi we onuň bilen tejribeli tälimçi Russiýanyň Premýer Ligasynda ikinji ýeri eýeledi we Çempionlar ligasynyň toparçasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

2017-nji ýylda ýene-de “Rubine” gaýdyp geldi, ýöne taraplaryň ylalaşygy bilen iki ýyldan soň topary terk etdi. Şondan bäri Gurban Berdiýew hiç ýerde işlemeýär. 2009-njy ýylda Berdiýew Russiýanyň “Premýer Ligasynyň” iň gowy tälimçisi diýen ada mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady