SPORT

Messiniň teklipleri

Ispaniýanyň “Barselona” topary düzümindäki dünýäniň iň güýçli futbolçylarynyň biri hasaplanýan Lionel Messiniň saklap galmak üçin ilkinji ädimini ätdi. Bu barada “TV3” teleýaýlymy habar berdi. Lionel Messiniň şu ýylyň tomsunda şertnamasynyň möhleti dolýar.

“Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žoan Laporta Messiniň kakasy Horhe Messi bilen duşuşdy. Duşuşykda Messiniň toparda galmagy üçin hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy.

Mälim bolşuna görä, Laporta anyk teklipler edip bilmedi. Sebäbi toparyň maliýe ýagdaýynyň barlagy geçirilmedi. Emma muňa garamazdan, Laporta Messiden aýlyk hakyny azaltmak boýunça ylalaşyga gelmegini sorady.

Habar berlişine görä, Lionel Messi aýlyk hakyny 50 göterime çenli azaltmaga taýýar. Ýöne munuň üçin käbir teklipleri öňe sürdi. Topar onuň bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşmaly. Şol şertnamada “Barselonadan” soňra “MLS” çempionatyna geçmek (has gowusy “Inter Maýami”) we toparyň ABŞ-daky wekilhanasynda wezipe bermek maddasynyň göz öňünde tutulmagyny isledi. Mundan başga-da, Messi ABŞ-dan yzyna dolanandan soňra “Barselonanyň” düzüminde wezipe almak isleýär.

Şeýle hem metbugat sahypalarynda Fransiýanyň “PSG” topary hem Messä 2 ýyllyk şertnama teklip etmäge taýýarlanýandygy barada habarlar ýaýradyldy.

 

Täze wab sahypasy açyldy: mejlis.gov.tm

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy