SPORT

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Ispaniýanyň Kubogynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň final duşuşygy tamamlandy. Onda Madridiň «Atletiko» we «Real Sosýedad» toparlary özara güýç synanyşdylar. Oýun Sewilýadaky (Ispaniýa) «Olimpiko de Sewilýa — La Kartuha» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň baş emini Hawýer Alberola Rohas (Sýudad-Real, Ispaniýa) boldy.

Oýunda 2:2 (penaltiler boýunça 4:3) hasaby bilen «Real Sosýedad» toparynyň futbolçylary ýeňiş gazandylar.

Oýnuň gidişi:

  • 15-nji sekunt: «Real Sosýedadyň» hüjümçisi Ander Barreneçea hasaby açdy.

  • 19-njy minut: «Atletikonyň» ýarym goragçysy Ademola Lukman hasaby deňledi.

  • 45+1-nji minut: Mikel Oýarsabal penaltini dürs urup, «Real Sosýedady» öňe saýlady.

  • 83-nji minut: Madrid klubynyň hüjümçisi Hulian Alwares hasaby täzeden deňledi.

Esasy we goşmaça wagtda başga gol urulmady we hasap 2:2 bolup galdy. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgy (penalti) tapgyrynda bolsa «Real Sosýedadyň» oýunçylary has takyk boldular — 4:3.

Taryhy maglumatlar:

Bu ýeňiş «Real Sosýedad» üçin taryhynda dördünji kubok boldy. Geçen ýyl ýaryşyň ýeňijisi «Barselona» bolupdy. 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Kataloniýanyň kluby Madridiň «Realyny» goşmaça wagtda 3:2 hasabynda ýeňipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar