DÜNÝÄ

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde 5-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iň ýokary döwlet derejesindäki ynamly we yzygiderli gepleşikleriň netijesinde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler.

Ministrler syýasy-diplomatik ugurdaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn aýlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine taýýarlyk meselelerine seretdiler.

Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Hytaýyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy