DÜNÝÄ

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

18-nji aprelde Antalýa şäherinde, 5-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ukrainanyň daşary işler ministri Andreý Sibiga bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garaldy. Özara bähbitli ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge taraplaryň taýýarlygy tassyklanyldy.

Iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary we ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary amala aşyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenıstanda maşgalalary berkitmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Ýerli halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň deputatlarynyň saý­law­la­ry bel­le­nildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy