DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şu ýyl iki ýurtda-da geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistan Saud Arabystanyna hem-de BAE täze ilçi belledi

ŞHG ýurtlary Guramanyň Ösüş bankyny döreder

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar