DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa sammiti 18-19-njy maýda geçiriler

Şu ýylyň 18-19-njy maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler. Onuň işine Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çuniniň habar bermegine görä, Hytaý-Merkezi Aziýa derejesindäki birinji sammit ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sian şäherinde geçiriler.

Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçiriljek sammit Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmegine gurlar. Oňa sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň 16-20-nji maý aralygynda Hytaýda döwlet saparynda boljakdygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň başynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy