DÜNÝÄ

Türkmen lukmanlary Owganystana iberiler

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berer hem-de türkmen lukmanlarynyň birnäçesi Owganystanda lukmançylyk kömegini bererler. Munuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara gol çekdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda,  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň maý aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde lukmançylyk maksatly serişdeler, harytlar hem-de azyk önümleri iberiler.  Munuň üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi degişli işleri geçirer.

Mundan başga-da,  Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistanyň adyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde gurlan çaga dogrulýan öýde bejeriş-maslahat beriş ýardamyny bermek maksady bilen, 2023-nji ýylyň maý aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş edaralaryndan degişli lukmanlar Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesine bellenen tertipde iberiler.

Related posts

Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň Belgiýa sapary

Kisida täzeden Premýer-ministrlige dalaşgär bolmaýar

Ata Watan Eserleri

Beýik Hytaý diwary gaýtadan dogulýar

Leave a Comment