DÜNÝÄ

Türkmenistan Gruziýanyň portlarynda logistika infrastrukturasyny döretmäge gyzyklanma bildirýär

Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.

Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda daşary söwdanyň möhüm orny, şeýle hem Gruziýanyň we Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylýan sebit başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Gruziýanyň üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. Türkmen tarapy Gruziýanyň portlary bilen bagly ammar we logistika infrastrukturasyny döretmek ugruna gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de deňiz pudagynyň sanly özgertmeleri we Milli deňiz bir penjire ulgamyny (NMSW) ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi.

Mariam Kwriwişwiliniň bellemegine görä, Gruziýanyň maksady Gara deňziň düýbünden geçiriljek kabel we ösen infrastruktura arkaly Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän sebit sanly merkezine öwrülmekden ybaratdyr.

Taraplar syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada hem pikir alyşdylar.

Duşuşyga ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Tamar Ioseliani, daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandre Khwtisiaşwili, Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilia Şamugia, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantine Sabiaşwili hem-de “Georgian Railway” kompaniýasynyň baş direktory Laşa Abaşidze gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary