DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri gyrgyz kärdeşi bilen duşuşdy

“С5+1” formatynda Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleginiň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen duşuşdy.

“Kabar” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, syýasy, söwda-ykdysady. energetika, ulag we medeni-ynsnaperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

2023-nji ýylda öňde duran iň ýokary derejelerde türkmen-gyrgyz çäreleriniň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Related posts

Hindistanyň ilkinji saýlawçysy aradan çykdy

Grin Kard boýunça utujylar haçan belli bolýar?

Ata Watan Eserleri

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Leave a Comment