DÜNÝÄ

ABŞ bilen Katar 1,2 trillion dollarlyk şertnamalara gol çekdiler

Saud Arabystanydan soňra Katar Döwletinde saparda bolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Katar bilen ABŞ-nyň arasynda 1.2 trillion dollara barabar bolan ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Doha şäherinde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça umumy bahasy 1.2 trillion dollara barabar bolan ykdysady geleşiklere gol çekildi.

Şol ylalaşyklaryň hatarynda ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýays bilen taryhy ylalaşyklar gazanyldy. Amerikan aerogurluşyk kompaniýasy ýakyn geljekde Katar Döwletiniň iri awiakompaniýays bolan “Qatar Airways” kompaniýasyna 210-dan gowrak “Boeing 787 Dreamliner” döwrebap ýolagçy uçarlaryny üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, Trampyň Saud Arabystanyna amala aşyran saparynda 600 milliard dollara barabar ylalaşyklara gol çekilipdi.

Related posts

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

ABŞ bilen Hytaý “TikTok” jemgyýetçilik tory boýunça ylalaşdy

Ata Watan Eserleri