Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.
Dostlukly BAE-niň döwlet düzümleriniň wekilleri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurt bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliýeti hökmünde Türkmenistana sapar bilen gelendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.
Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi.
Milli Liderimiz Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen Türkmenistanyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň bardygyny we bu gün özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini belledi.
Malaýziýanyň iri nebitgaz kompaniýasy bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan netijeli işi aýratyn nygtaldy.
Ýurdumyzda «PETRONAS» kompaniýasyna diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary saklaýan we umumy garaýşy bolan strategik hyzmatdaş hökmünde-de garalýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Hormatly Arkadagymyz bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi.
Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä ünsi çekip, ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.