BILIM

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowa bilen “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda bolýan Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed al-Horryň hem-de Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, “2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ýerine ýetirilişi boýunça Ýol Kartasyna” gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Jon Smit talyp haky maksatnamasy kabul edişlik başlady

Tomusky dynç alyş möwsümi başlady

Aşgabatda pars dili kurslarynyň tomusky möwsümi başlanýar

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanda mugallymlar ilkinji gezek emeli aňy kömekçi hökmünde ulanarlar

Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler

Ata Watan Eserleri

BAE-niň ilçisi Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi