SPORT

51 ýyldan soňra ýene-de kubok gazandy

2024-2025-nji möwsümiň futbol boýunça Italiýanyň Kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Bolonýa” topary bilen “Milan” topary duşuşdy. Rim şäheriniň “Olimpiko” stadionynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda “Bolonýa” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň ýeke-tä goluny 53-nji minutda Den Ndoýe öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, “Bolonýa” topary 51 ýyldan soňra ýene-de Italiýanyň Kubogyny gazanmagy başardy.

Bu topar taryhynda 3 gezek Italiýanyň Kubogynyň finalyna çykdy we 3-sini hem gazandy. Mundan ozal, topar 1969/1970-nji we 1973-1974-nji ýyllarda kubogy gazanmagy başarypdy.

 

Related posts

Janni Infantino: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdüreris

Futbol täzelikleri: Ronaldo bilen Messi öz sebitiň iň gowulary

Mourinýonyň Rimdäki bady ýokardan boldy ― 10:0