DÜNÝÄ

Owganystanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen duşuşygy boldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça özara hereketleriň ýokary depginini tassykladylar. Döwletara syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de yzygiderli ösdürilýändigi bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýyl iki goňşy döwletiň özara hereketleriniň möhüm tapgyrlary, hususan-da iri infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrundaky tagallalary aýratyn nygtaldy, şonuň ýaly-da şu ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli ylalaşdyryş Ýokary geňeşiniň başlygy doktor Abdulla Abdulla bilen hem duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Related posts

Türkmenistan Türkiýedäki çagalara ynsanperwer kömegini iberýär

Ata Watan Eserleri

“Google”-den mugallymlar üçin taslama

Beýik Hytaý diwary gaýtadan dogulýar