SPORT

Ronaldonyň taryhy rekordy: iň köp gol geçiren futbolçy

Şu hepde Italiýanyň “Seria A” milli futbol çempionatynda taryhy waka bolup geçdi. “Ýuwentus” topary bilen “Sassuolo” topary çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde duşuşdy. “Ýuwentus” toparynyň düzümindäki dünýä belli futbolýy, portugaliýaly Kristiano Ronaldo bu duşuşykda tapawutlanyp, resmi duşuşyklardaky geçiren gollarynyň sanyny 759-ä ýetirdi. Bu görkeziji ony taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy derejesine ýetirdi.

Duşuşykda “Ýuwentus” topary garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Ronaldo toparynyň 3-nji goluny öz adyna ýazdyryp, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de çykyş eden toparlarynyň düzüminde geçiren gollarynyň sanyny 759-a ýetirdi.

Dürli metbugat gulluklary, bu görkeziji bilen Ronaldo ozalky Awstriýanyň hem-de Çehoslowakiýaly Ýosef Bisanyň rekordyny gaýtadyly. Bu dünýä futbolynyň rekordy.

Olardan soňra ikinji orunda Braziliýanyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Pele gelýär. Onuň gollarynyň sany 757-ä deňdir.

Ýöne irki ýyllaryň futbolçylary Bisan, Pele we beýleki hüjümçileriň has köp gol geçiriendigi hem aýdylýar. Meselem, “Rec.Sport.Soccer Statistics Foundation” (RSSSF) edarasynyň hasaplamalaryna görä, Bisan 805, braziliýaly Romario 772 we Pele 767 gol geçirendigi hem bellenilip geçilýär.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy