SPORT

Messi çempionatdaky ilkinji goluny geçirdi

Şu ýylyň tomus möwsüminde Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçen Lionel Messi çempionatdaky ilkinji goluny geçirdi.

Bilermenler tarapyndan tankytlanan Messi ahyry täze toparyň düzüminde tapawutlanmagy başardy.

Fransiýanyň “PSŽ” topary ýurduň çempionatynyň 14-nji tapgyrynda “Nant” topary bilen duşuşdy. Duşuşyk 3:1 hasabynda “PSŽ” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda Messi özüniň Fransiýanyň çempionatyndaky ilkinji goluny geçirdi.

Şeýle hem bu toparyň fransiýaly ýyldyzy Kilian Mbappe hem 1 minut 41 sekuntda gol geçirip, öz futbol durmuşyndan iň çalt goluny öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, hem Messi hm-de Mbappe üçin möhüm bolan bu gollar “PSŽ” toparyna ýeňiş gazandyrdy.

Sebäbi bu gazanylan ýeňiş ýeňil düşmedi. Toparyň derwezebany Keýlor Nawas 65-nji minutda gyzyl kart alyp, meýdançadan çykdy. Şol wagtda duşuşyk 1:1 hasabynda deňme-deň barýardy.

Şondna soň has tijenen “PSŽ” topary geçire gollary bilen ýeňiş gazandy. Messiniň bu ilkinji goly oňa çempionatda mundan soňky duşuşyklarda has netijeli oýnamaga höwes döretjekdigi bellenilýär.

Häzirlikçe ol toparyň düzüminde Çempionlar ligasynyň oýnunda tapawutlanypdy.

 

SulÅŸer ahyry wezipesinden boÅŸadylar

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy