SPORT

Koutinýo täzeden Angliýa dolanyp biler

Angliýanyñ London şäherinde ýerleşen “Çelsi” toparynyñ ýolbaşçylary “Barselona” toparynyñ oýunçysy bolan Felippe Koutinýo bilen gürrüñdeşlige başlady. Braziliýaly oýunçy häzirki wagtda Mýunhen şäheriniñ “Bawariýa” toparynda kärende hökmünde çykyş edýär, ýöne şu möwsümiñ soñunda “Barselona” topary gelmeginiñ ähtimaly örän ýokary.

Şeýle hem Koutinýo bilen Angliýanyñ öñdebaryjy toparlary “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem Hotspur” we “Arsenal” toparlary gyzyklanýar. 27  ýaşly futbolçynyñ bahasy 70 million ýewro barabar bolar.

Koutinýo “Bawariýa” toparynyñ düzüminde 22 oýuna çykyp, 6 ýardam pasyny we 8 gezek gol geçirmegi başardy.

Related posts

2034-nji ýylda dünýä çempionaty Saud Arabystanyda geçiriler

Kopa Amerika: Braziliýa ýeňiş bilen başlady

Jerrard 40 ýaşady