DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.

2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) guramaçylyk mejlisinde guramanyň käbir kömekçi edaralary üçin saýlawlar geçirildi.

Şoňa laýyklykda, EKOSOS-yň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistanyň 2025-2029-njy ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna dalaşgärligi biragyzdan goldanyldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan bu komissiýadaky agzalyk wezipelerini dowam etdirer. Türkmen döwleti 2020-nji ýylda hem bu komissiýanyň agzalygyna saýlanypdy.

Related posts

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ginnesiň täsin rekordy

Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň agzalarynyň terjimehallary

Ata Watan Eserleri