JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde, Antalýa şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türki döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Birleşigiň düzümine kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Önümçilik ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda, bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlarynyň esaslaryny kemala getirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Moskwada beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Gadamly” gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Putin Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli gutlady

Türkmenbaşyda “Kenar” sorujy bekedi we suw süýjediji desga gurlar