JEMGYÝET

Türkmenistan Özbegistandaky Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherinde Owganystana goňşy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Şeýle hem bu duşuşyga Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji amir Han Muttaki hem gatnaşdy.

“Sputnik” internet saýtynyň habar bermegine görä,  duşuşykda çykyş eden Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow owgan halkyna diňe bir ynsanperwer kömek däl, eýsem ýurdy möhüm ykdysady we infrastruktura taslamalaryna çekmegiň zerurdygyny belledi. Ol bu taslamalaryň Owganystanyň parahatçylykly geljeginiň binýadyna öwrülip biljekdigini mälim etdi.

Şeýle hem ol Owganystanyň ýakyn goňşularynyň bu ýurduň iň gysga wagtda durnukly ösüş ýoluna düşmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Samarkant şäherindäki duşuşyga Özbegistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýar. Duşuşyga gatnaşyjy ýurtlar Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alyşdylar. Esasan hem howpsuzlyk, dürli wehimlere, terrorçylyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreşmek ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Özbegistandaky duşuşyk şu ugurdaky duşuşyklaryň 4-njisi boldy. Şeýle duşuşyklaryň ilkinjisi 2021-nji ýylyň sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirildi. Ikinjisi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Tähranda, üçünjisi bolsa, 2022-nji ýylyň martynda Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirildi.
Hytaýyň Anhoý welaýatynyň Tunsi şäherinde geçirilen duşuşykda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine goşant goşmak maksady bilen “Tunsi başlangyjy” kabul edildi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri