TEHNOLOGIÝA

“Sony” -den 1 milliard dollarlyk satuw

“Kyodo” agentliginiň maglumatyna görä,  “Sony Pictures” mugt mobil we onlaýn oýunlaryny öz içine alýan “GSN Games” kompaniýasyny ABŞ-ly ykjam oýun kompaniýasy “Scopely”-e satmak kararyna geldi.

Ýaponiýanyň elektronika we güýmenje ägirdi, “GSN Games”-iň, “Sony” -niň beýleki pudaklardaky kärhanalary bilen “sinergiýa täsirini döretmeýändigini” aýtdy.

Ylalaşyga görä, 1 milliard dollaryň ýarysy nagt tölener, galan ýarysy ýeňillikli paýnamalar bilen tölener.

Ýapon firmasy “GSN Games”-iň satuwynyň 2022-nji ýylyň martynda tamamlanjak 2021-nji ýylyň maliýe girdeji çaklamalarynda täsirini ölçjekdigini habar berdi.

 

Dünýäde ilkinji dörän ruçkalar

 

Related posts

Sanly Ulgam we Startup: Iň Gowy Makalalar bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ykjam goşundysy işe girizildi

Emeli intellekti işjeň ulanýan döwletler