TEHNOLOGIÝA

AŞTU «eKassa» goşundysyny ulanyşa girizdi

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aragatnaşyk hyzmatlary üçin ýörite PIN-belgini ulanmazdan tölegleri oňaýly hem-de howpsuz geçirmäge mümkinçilik berýän «eKassa» mobil goşundysyny ulanyşa girizdi.

«eKassa» mobil goşundysy, bu www.astu.tm web sahypasyndaky «Şahsy otag» multiplatformanyň ýeňilleşdirilen görnüşi bolmak bilen, mundan öň AŞTU-nyň hyzmatlary üçin ulanyjylara öz identifikasion belgisini bilmek gerek bolan bolsa, indi onuň zerurlygy ýok bolup durýar – «e-Kassa» goşundysynda hasaba alnan mahalyň diňe ykjam telefonyň belgisini görkezmek ýeterlikdir.

Täze goşundynyň döwrebap hem-de özboluşly düşnükli interfeýsi bar. Oňa ulanyjylar öz bank kartlaryny ýeňillik bilen birikdirip, telefon, internet we IPTV hyzmatlarynyň töleglerini dolandyryp bilerler.

Şunlukda, AŞTU-nyň «eKassa» goşundysy – bu aragatnaşyk hymatlaryna töleg etmegiň oňaýly we howpsuz usuly bolýar. Goşundy müşderiler üçin niýetlenen onlaýn hyzmatlaryň iň häzirki zaman standartlaryna laýyk gelýär. Mobil goşundyny Google Play hem-de App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi