JEMGYÝET

Türkmenistan we Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdiler

2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi geçirilýär. oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.

Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak.

Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Jidde ugry boýunça uçar gatnawlaryny ýerine ýetirmäge başlaýar.

2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna gidipdi.

Related posts

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri London gazna biržasyna baryp gördüler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistan Enerji Şartı Konferansı başkanlığını yapıyor

vepa