TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy Watch 4” satuwa çykýar

Bilşimiz ýaly, “Samsung” şereketi öndürýän telefonlaryndan başga-da, öndürýän sagatlary bilenem meşhur. Şereket ýakyn wagtda “Galaxy Watch 4” goşar sagadyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

Iki görnüşde (“Galaxy Watch 4” we “Galaxy Watch 4 Classic”) satuwa çykjak sagatlar “Exynos W920 yonga” prosessorlary bilen üpjün ediler. Bu sagatlarda 16 GB ýat hem ýerleşdiriler.

“Galaxy Watch 4” daş görnüşinden “Galaxy Watch 3”-e meňzeýär. Akylly sagat 40×44 mm ululykda. Bu sagatda “5 ATM” (suw geçirmeýän), “MIL-STD-810G” (çydamlylyk), “Gorilla Glass DX+” we “GPS” ýaly howpsuzlyk sistemalary bolar. Sagadyň sag tarapynda jübüt düwme ýerleşer. Sagat 4 reňkde (gara, çal, goýy ýaşyl we “gold rose”) satuwa çykar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Hazardaky “Dostluk” ýatagy barada gepleÅŸikler geçirilýär

 

 

Related posts

Türkmen dilinde Internet Sözlügi: Ilkinji synanşyk

Dr.Döwran Orazgylyjov

12-nji aprel – kosmonawtika güni

«Apple» kompaniýasynyň täze şahamçasy Hindistanda açylar