DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy.

Bu çärelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär.

Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar.

Şu gün, 8-nji iýunda meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň sergi önümleri görkeziljek “Ýewraziýa biziň öýümiz” atly sergisi açylýar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistan ABŞ-daky wiza möhleti bozulmalarynda iň az düzgün bozan ýurt

Hytaý-Türkmenistan-Ýewropa multimodal ulag ugruny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Leave a Comment