JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Eýran parlamentara toparyny döreder

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda ulag ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ýol we köpri gurluşygy beýleki geljegi uly ulgamlar hökmünde görkezildi, şunda Türkmenistan bilen Eýran netijeli hyzmatdaşlyk edip hem-de bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip bilerler.

Eýranyň Parlamentiniň Başlygy eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilige eýedigini aýdyp, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda söwda wekilhanalaryny döretmegiň hasabyna ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de eýran tarapy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara toparyny döretmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň işiniň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine gönükdiriljekdigini belledi.

Ekologiýa meselesi beýleki ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri boldy, ol häzirki zamanyň örän möhüm wezipesidir. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda öňe sürülýän ähli başlangyçlary hemişe goldap gelýär hem-de geljekde hem goldar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov