BIZNES

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda ylalaşygy baglaşylar

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda babatda degişli ylalaşyk taýýarlanýar we bu ylalaşyga ýakyn wagtda gol çekmek göz öňünde tutulýar. Ikitaraplaýyn resminamanyň taslamasyny tamamlamak üçin Türkmenistanyň ministrlik derejesindäki wekiliýeti Pakistanda saparda bolar. Bu barada Pakistanyň “The Nation” gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň işewür düzümi bilen duşuşdy.

Duşuşyga suwuklandyrylan gazy öndürijiler assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Irfan Hohar, Söwda-senagat edarasynyň sekretary Zulfikat Batt, “Gold Gas” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Pakistan tarapynyň Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi babatda gürrüň edildi. Onuň bahasynyň mehanizmi, üstaşyr tarifler, Owganystanyň üsti bilen suwuklandyrylan gazy import etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň aprel aýynda Pakistana Türkmenistandna suwuklandyrylan gazyň ilkinji tapgyry ugradyldy. Ol hem Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatyndan üstaşyr iberildi.

Related posts

Türkmenistanda ýazlyk ýeralma ekişine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Maliýe-ykdysady ugrunda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy

Dünýädäki iň baý 10 adamyň umumy baýlygy pandemiýada iki esse artdy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment