BIZNES

Telekeçiler üçin elektron söwda okuwy

USAID-iň geljekdäki ösüş başlangyjy, elektron söwdasyny we halkara bazaryndaky gatnaşygyny artdyrmak isleýän kärhanalary göz öňünde tutup, 2024-nji ýyl üçin Merkezi Aziýada B2B elektron söwda tizleşdiriji maksatnamasyny durmuşa geçirýär.

Bu başlangyç, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda işewürleri global elektron söwdada üstünlik gazanmak üçin zerur hünärler we çeşmeler bilen üpjün etmek üçin döredildi.

Gatnaşýanlar halkara elektron söwda strategiýalary, goldaw, şol sanda halkara ösüşini ýeňilleşdirmek üçin “BigCommerce” mugt abuna ýazylmak boýunça giňişleýin okuwdan peýdalanarlar.

Şeýle hem, has giňişleýin maglumat üçin 19-njy martda we 28-nji martda maglumat sessiýalara gatnaşmak bolar.

Anketalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2024-nji ýylyň 5-nji aprelidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar