JEMGYÝET

Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýranyň milli muzeýlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähran şäherindäki «Saadabat» taryhy-medeni desgalar toplumyndaky Gajarlar dinastiýasyna degişli bolan Şahwand köşgüne, Farşçiýan adyndaky çeperçilik muzeýine, şeýle-de Reza Pehlewi şanyň rezidensiýasy bolan Millat muzeýine baryp gördi.

Dünýä syýahatçylarynyň gelim-gidimli ýeri bolan bu taryhy-medeni desgalar toplumynda hormatly myhman gadyrly garşy alyndy.

Eýranyň milli gymmatlyklarynyň toplumy gadymy geçmişden ýadygär hökmünde özboluşly taryhy şäherçäni ýada salýar. Ol milli muzeýleriň we köşkleriň başga-da birnäçesini özüne birleşdirýär. Hormatly myhmana milli gymmatlyklaryň döreýiş taryhyna degişli eksponatlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Dostlukly ýurduň geçmiş taryhy, medeni gymmatlyklary türkmen wekiliýetinde uly gyzyklanma döretdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Eýranyň milli muzeýlerine çeper elli zenanlarymyzyň dokan ajaýyp türkmen halylaryny sowgat etmegi has-da buýsançly boldy.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti katarly işewürler bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi

Leave a Comment