JEMGYÝET

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär

Şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi açyldy.

Sergi açylmazdan öň myhmanlar üçin tans toparlary we sazandalar çykyş etdiler. Soňra sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag haty okaldy.

Türkmen haly muzeýinde seýrek duş gelýänleri goşmak bilen 2000 töweregi haly önümleri görkezilýär. Mysal üçin, muzeýde açarlary götermek üçin niýetlenen iň kiçi haly, şeýle hem umumy meýdany 301 m² bolan dünýäde iň uly elde dokalan haly bar. Ol 2001-nji ýylda dokaldy we 2003-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Çäräniň çäklerinde haly dokamak sungatynyň ösmegine we goralyp saklanmagyna uly goşant goşan 11 halyçy “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” hormat adyna eýe boldy.

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly XXIII mejlisi “Türkmenhaly” döwlet birleşiginde geçirilýär.

Asylly däbe öwrülen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Oraza aýynyň tamamlanmagy mynasybetli baýram namazy 20-nji martda okalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine 4 ýyl boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri «CNPC»-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy