DÜNÝÄ

BMG-niň merkezinde Halkara Nowruz güni bellendi

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartiasynda Halkara Nowruz gününi bellemek mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Yrak, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly döwletleriň başlangyjy bilen Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaraly çäre guraldy.

Bu çärä BMG-niň Baş sekretary, EKOSOS-niň ýolbaşçysy, Ilçiler, agza döwletleriň BMG-daky hemişelik wekilleri gatnaşdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş öz çykyşynda bahar paslynyň ilkinji güni bolan Täze ýyl baýramçylygyny belleýän döwletleri bu baýramçylyk bilen gutlady. Ol bu günüň millionlarça adamyň maşgala agzalary we dost-doganlary bilen bir ýere jemlenip, geçmiş hakynda pikirlenip, bagtly geljek barada arzuw edýän pursatlarydygyny belledi.

Ilçi, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa gatnaşyjylara ýüzlenip, Nowruzyň köp halkyň özboluşly, owadan däp-dessurlaryny, gymmatly häsiýetlerini görkezýän ajaýyp baýramçylykdygyny belledi. Ilçi türkmen halky üçin bu baýramyň baharyň täzelenmeginiň, tebigatyň janlanmagynyň, hasyllylygyň we asuda durmuşyň nyşanydygyny mälim etdi.

Nowruz baýramynyň halklaryň arasyndaky dostluk, ynam we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmekde, şeýle hem halkara derejesinde parahatçylyk we raýdaşlygy berkitmekdäki roly aýratyn bellendi.

Duşuşyga gatnaşan beýleki ýurtlaryň hemişelik wekilleri bu çäräniň dowamynda çykyş edip, öz ýurtlarynda  giňden bellenilýän Nowruz baýramçylygynyň däpleri barada gürrüň berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar