DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşdy

Brýusselde Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretariatynyň baş edarasynda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow bilen Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary hanym Ariadna Petridisiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Benilýuks ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şeýle hem Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösmegine aýratyn üns berildi. Ilçi hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, dialog görnüşleriniň, syýasy geňeşmeleriň, bilermenler duşuşyklarynyň we beýleki bilelikdäki çäreleriň sanynyň artmagynyň özara saparlaryň hem-de resmi gatnaşyklaryň sanynyň ep-esli köpelmegine kanunalaýyk ýagdaýda getirendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ilçi diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak meselesinde Benilýuks ýurtlary bilen bilelikde iş alyp barmagyň mümkinçiligine garamagyň öz wagtynda we maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şeýle ädim barha işjeňleşýän resmi gatnaşyklara ýardam bermegiň amaly guralyna öwrülip, syýasy dialogyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýokary derejeli saparlaryň guralmagyna hem-de institusional hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip biler.

Baş sekretar Benilýuks Bileleşiginde bu ugurda hereket edýän tejribe we degişli düzgünler barada maglumat berdi, şeýle hem Baş sekretariatyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu ugur boýunça geljekki dialoga ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Söhbetdeşligiň aýratyn bir mowzugy Benilýuks Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda sebit hyzmatdaşlygy we institusional özara gatnaşyklar babatda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri boldy. Türkmen tarapy döwletleriň arasyndaky utgaşdyrmak işleri, hemişelik sebit mehanizmleriniň hereket etmegi we dürli ugurlarda bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamak babatda Benilýuksyň köpýyllyk tejribesiniň ähmiýetini belledi.

Baş sekretar bu başlangyjy oňyn kabul etdi we Benilýuksyň tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Belgiýanyň, Niderlandlaryň we Lýuksemburgyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk we durnuklylyk, energetika, howa we durnukly ösüş, içerki bazar hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary öz içine alýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Baş sekretara 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki Peelbergen atçylyk sport merkezinde Türkmenistanyň wekilleriniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek iri halkara atçylyk çäresine görülýän taýýarlyk barada hem maglumat berdi.

Sapar Pälwanow Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretariatynyň wekillerini öňde boljak çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Benilýuks — Günbatar Ýewropada Belgiýany, Niderlandlary we Lýuksemburgy birleşdirýän syýasy, ykdysady we gümrük bileleşigidir. Bileleşigi döretmek hakyndaky şertnama 1944-nji ýylda agza ýurtlaryň arasynda adamlaryň, harytlaryň, maýanyň we hyzmatlaryň erkin hereketini üpjün etmek maksady bilen gol çekildi.

Related posts

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

Ata Watan Eserleri

Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi