JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Abelardo de la Esprielýa Kolumbiýanyň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň täze ilçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi

Bakanlar Kurulunda Ocak ayı değerlendirildi

vepa