DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti BSG-niň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iwealanyň we BSG-niň baş direktorynyň orunbasary jenap Sýançen Çžanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly hereketlere girişmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň agza döwletler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işleşmäge taýýardygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-niň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarly bolup durýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň bu iri we abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi barada bellenildi
hem-de onuň ýurduň durnukly ykdysady ösüşine mundan beýläk-de kuwwatly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

BSG-niň baş direktory Türkmenistanyň Hökümetiniň görkezýän tagallalaryna ýokary baha berilýändigini Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna oňyn garalýandygyny nygtady.

Taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özarahereketleriň meýilnamalarynyň çäklerinde alnyp barylýan işlerde ösüş gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy